Eýranda Yzly Yzyna Ýer Titredi

Ýer titremeleriniň ýeriň 10 kilometr aşagynda bolandygy nygtaldy.

2051961
Eýranda Yzly Yzyna Ýer Titredi

Eýranyň Hormuzgan welaýatynyň Fin etrabynda 5,3, Fergan etrabynda bolsa 5,6 bal ululygynda ýer titremesi boldy.

Tähran uniwersitetinden berlen beýannama görä, Fin etrabynda ýerli wagt bilen 08.29-da 5,3 bal ululygynda ýer titremesi boldy.

Ýerli wagt bilen 08.39-da hem Fergan etrabynda 5,6 bal ululygynda ýer titremesi boldy.

 Ýer titremeleriniň ýeriň 10 kilometr aşagynda bolandygy nygtaldy.

Beýannamada, ýer titremelerinde çekilen ýitgi hakynda hiç hili maglumat berilmedi.


Etiketkalar: #ýer titremesi , #Eýran

Degişli Habarlar