Ysraýylyň Gaza garşy başladan howa hüjümlerine 10 gün boldy

Ysraýyl gabaw astyndaky Gaza garşy hüjümleriniň gerimini giňeltdi

2051494
Ysraýylyň Gaza garşy başladan howa hüjümlerine 10 gün boldy

Gazada Hamasyň harby şahasy Izzeddin al-Kassam toparynyň 7-nji oktýabr güni irden Ysraýyla garşy "Aksa tupany" ady bilen giň gerimli hüjümler başlatmagyndan soň, palestinaly toparlar bilen Ysraýylyň arasyndaky çaknyşyklaryň başlamagyna 10 gün boldy. 

Ysraýyl gabaw astyndaky Gaza garşy hüjümleriniň gerimini giňeltdi. 

Ysraýylyň goşuny 2 müň 750 adamyň ýogalan, 10 müňe golaý adamyň ýaralanan Gazanyň tapawutly ýerlerine garşy guraýan howa hüjümlerini gije wagty hem dowam etdirdi. 

Ysraýylyň soňky hüjümlerinde Gazada 80 adamyň ýogalandygy, 100 adamyň hem ýaralanandygy habar berildi. Bir müňden gowrak adam entegem harabalyklaryň aşagynda. 

Ysraýylyň harby uçarlary Gazanyň gündogarynda raýat goranyş we tiz kömek gullugynyň işgärleriniň nyşana alyp hüjüm guramagy netijesinde saglygy goraýyş edarasynyň 5 işgäri ýogaldy. 

Ysraýylyň harby uçarlarynyň Gazanyň günortasyndaky Han Ýunus we Refah diýilýän ýerlere guran howa hüjümlerinde bolsa 11 palestinaly ýogaldy. 

Palestinaly Žurnalistler arkalaşygy hem Ysraýylyň Gaza garşy hüjümlerinde 11 metbugat işgäriniň ýogalandygyny, 20-den gowrak metbugat işgäriniň ýaralanandygyny we 2 işgäriň derekesiz ýitendigini mälim etdi. 

Ysraýylyň harby uçarlary howa hüjümlerinde esasan hem Gazadaky esasy ýollary nyşana alyp hüjüm guraýar. 

Ysraýylyň eýýäm 10 gün bäri azyk we derman serişdeleriniň geçmegine rugsat bermeýän Gazadaky hassahanalar howp astynda. 

BMG-nyň Ynsanperwerlik meselelerini utgaşdyrmak bölümi Gazadaky ähli hassahanalarda ýangyç ätiýajynyň 24 sagadyň içinde gutarjakdygyny habar berdi. 

Beýanatda ätiýaçdaky transformatorlaryň durmagynyň müňlerçe adamyň janyny howp astynda saljakdygy mälim edildi. 

BMG-nyň Ilat gaznasy bolsa Gazada 50 müň hamyla zenanyň adaty saglyk hyzmatlaryndan mahrumdygyny aýan etdi. 

BMG-nyň Palestina bosgunlara kömek agentligi Gazada özlerine degişli mekdeplerde we binalarda azyndan 400 müň adamyň başga ýerlere göçendigini beýan etdi. 

Ysraýylyň goşuny Gazanyň halkyna günorta tarapa gitmekleri barada çagyryş beripdi. Resmi Tel-Awiw beren çagyryşlaryna laýyklykda 600 müň palestinalynyň sebitiň günortasyna tarap göçendigini öňe sürüpdi. 

Kassam topary 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy "Aksa tupany" ady bilen giň gerimli hüjümler başladandygyny habar beripdi. 

Gazadan Ysraýyla tarap müňlerçe raketa atylan bolsa, ýaragly toparlar hem sebitdäki ýaşaýyş ýerlerine giripdi. 

Ysraýylyň goşuny harby uçarlary bilen Gaza garşy “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başladandygyny mälim edipdi.

Dartgynlyk sebäpli iki tarapdan hem müňlerçe adam ýogaldy.


Etiketkalar: #hüjüm , #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar