Ysraýyl, Gazaly 100-den Gowrak Işçini Ýurtdan Çykardy

Ysraýylda ýörite iş rugtsanamasy bilen 18 müň 500-e golaý palestinaly işçi işleýär.

2048401
Ysraýyl, Gazaly 100-den Gowrak Işçini Ýurtdan Çykardy

Ysraýylda işleýän Gazaly 100-den gowrak işçi, ýurtdan çykarlandan soň basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şerianyň Ramallah şäherine ugradyldy.

Gazaly işçileriň Ramallahyň häkimi Leýla Ganam tarapyndan kabul edilendigi nygtaldy.

Palestinaly işçi Muhammed Tenira, Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň düýn ir ertir iş ýerlerine operasiýa gurap, özlerini zor bilen awtobuslara mündirip Ramallah şäheriniň golaýyna çenli getirendiklerini aýtdy.

Gazadaky Palestinanyň Zähmet ministrligine görä, Ysraýylda ýörite iş rugtsanamasy bilen 18 müň 500-e golaý palestinaly işçi işleýär.


Etiketkalar: #işçi , #Palestina , #Ysraýyl

Degişli Habarlar