TBMM Şwesiýanyň NATO Agzalygyny Bir Aýyň Dowamynda Tassyklarmy?

Şwesiýanyň Premýer-ministri Ulf Kristersson ýurdunyň NATO agzalyk ýüztutmasynyň Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisi tarapyndan üstümizdäki aýyň dowamynda tassyklanjakdygyny anyk aýdyp bilmejekdigini beýan etdi.

2046180
TBMM Şwesiýanyň NATO Agzalygyny Bir Aýyň Dowamynda Tassyklarmy?

Şwsiýanyň metbugatyna ýurdunyň NATO agzalyk ýüztutmasy hakynda beýannama beren Kristersson Şwesiýanyň NATO agzalygyna Türkiýäniň karar berjekjekdigini aýtdy.

Kristersson; “Oktýabr aýynda NATO agzalygymyzyň tassyklanjakdygyna söz berip bilmerin. Bu karar Türkiýä degişli, Türkiýe öz kararlaryny özi berýär” diýdi.

Premýer-ministr Kristersson şeýle diýdi: “Hemmeler muny mejlis açylandan soň Şwesiýanyň NATO agzalygynyň tassyklanar diýip, analiz edýär. İndi mejlis açyldy. Meniň pikirimçe-de Şwesiýanyň NATO agzalygy tassyklanmagynyň wagty ýetdi” diýdi.



Degişli Habarlar