Gollandiýada ýaragly hüjümler guraldy
Gollandiýanyň Rotterdam şäherinde guralan ýaragly hüjümlerde jemi 3 adam ýogaldy
Rotterdam şäheriniň polisiýa gullugynyň X sosial media hasabyndan berilen beýanatda, şübhe astyndaky 32 ýaşyndaky adamyň guran ilkinji hüjüminde bir enäniň ýogalandygy, agyr ýaralanan 14 ýaşyndaky gyzynyň hem alynyp gidilen hassahanasda ýogalandygy habar berildi.
Ikinji hüjümiň Erasmus uniwersitetiniň hassahanasynda guralandygy bellenen beýanatda, ol ýerde hem 43 ýaşyndaky bir adamyň ýogalandygy mälim edildi.
Rotterdamyň Içeri işler edarasynyň müdüri Fred Westerbeke şübhe astyndaky adamyň ýaragy bilen birlikde tussag edilendigini we egninde ok geçirmeýän žilediň bardygyny beýan etdi.
Hüjümleriň şol bir adam tarapyndan guralandygynyň çak edilýändigini aýdan polisiýa gullugy, hüjümiň jikme-jikliginiň derňelýändigini habar berdi.
Degişli Habarlar
Hindistanda karýeriň çökmegi netijesinde azyndan 15 adam ýogaldy
Hindistanda karýerleriň biriniň çökmegi netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä 15 adam ýogaldy
Ysraýylly Tanklar Rafah Şäher Merkezine Girdi
Tanklar Al Awde metjidiniň golaýyna çenli geldi we 1 metjidi nyşana aldy.