Nigeriýada 8,3 Million Adam Gyssagly Kömege Garaşýar

Borno, Ýobe we Adamawa sebitlerinde guralýan hüjümler sebäpli 8,3 million adam kömege garaşýar

2032586
Nigeriýada 8,3 Million Adam Gyssagly Kömege Garaşýar

Nigeriýanyň demirgazyk gündogarynda terrorçylykly hüjümler sebäpli 8,3 million adam gyssagly kömege garaşýar.

Mesele hakynda berlen beýannamada, terror guramalary Boko Haram bilen ISWAP tarapyndan Borno, Ýobe we Adamawa sebitlerinde guralýan hüjümler sebäpli 8,3 million adamyň gyssagly kömege garaşýandygy nygtaldy.

Beýannamada, hökümetiň gumanitar krizise garşy egilşiksiz göreş alyp barýandygy bellenildi.

Nigeriýada 2000-njy ýyllaryň başyndan bäri iş alyp barýan Boko Haramyň 2009-njy ýyldan bäri guraýan hüjümlerinde onmüňlerçe adam ýogaldy.

Gurama, 2015-nji ýyldan bäri ýurduň serhet goňşulary Kamerunda, Çatda we Nigerde hem terrorçylykly hüjümler guraýar.


Etiketkalar: #kömek , #Nigeriýa , #Boko Haram

Degişli Habarlar