Eýranda Kömür Käninde Bolan Partlamada 6 Işçi Ýogaldy
Partlama boýunça derňew işi gozgaldy.
2032845
Eýranyň Simnan welaýatynda düýn kömür käninde bolan partlamada 6 içşi ýogaldy.
Simnanyň häkimi Muhammed Ryza Haşimi, mesele hakynda beren beýannamasynda, 10 sagada golaý dowam eden gözleg we halas ediş işleriniň netijesinde partlamada ýogalan 6 işçiniň jesediniň tapylandygyny aýtdy.
Ilkinji kesgitlemelere görä, partlama gazyň sebäp bolandygyny aýdan Haşimi, wakada ýaralanan işçileriň hassahanada bejergisiniň dowam edýändigini ýatlatdy.
Partlama boýunça derňew işi gozgaldy.
Degişli Habarlar
“Azerbaýjanyň Daşary Işler Ministri Bilen Duşuşygymyz Oňyn Atmosferada Geçdi”
Mirzoýan, Jeýhun Baýramow bilen Almaty şäherinde geçiren duşuşygy hakynda maglumat berdi.