Sergeý Lawrow gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow şu aý geçiriljek G20 sammitindäki jarnamada ýurdunyň garaýyşynyň beýan edilmeginiň gerekdigini belledi

2032065
Sergeý Lawrow gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwada Döwlet diplomatiýa institutynda geçirilen çärede eden çykyşynda, Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň gatnaşmajak we özüniň Russiýa wekilçilik etjek, Hindistanda geçiriljek G20 sammiti bilen baglanşykly: "G20-de garaýyşymyz beýan edilmän halatynda ähli agzalaryň adyndan umumy jarnama kabul edilmez" diýip aýtdy. 

Sergeý Lawrow çykyşynda, Russiýanyň Gazagystan we Özbegistan bilen umumy energiýa taslamalar bilen baglanşykly işler geçirýändigini belläp: "Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň liderleriniň arasynda Gazagystanyň infrastrukturasy ulanylyp, Özbegistana tebigy gaz eksport edilmegi bilen bagly gepleşikler geçirildi. Onuň bilen baglanşykly tehniki işler wagt alar, emma durmuşa geçirilip bilinjek bir taslama" diýip habar berdi. 

Hytaýa tebigy gaz eksport etmek üçin Russiýanyň öz infratstrukturasynyň bardygyny aýdan Lawrow: "Ol hiç kim üçin mesele döretmez. Hytaýyň örän köp tebigy gaza zerurlygy bar. Hiç kim Gazagystan hem, Türkmenistan hem oýunyň daşynda galmaz" diýip belledi. 

Sergeý Lawrow Türkiye bilen Siriýanyň arasyndaky kadalaşma tapgyrynyň üstünde durup geçip: "Resmi bolmaýan gepleşiklerimizde 1998-nji ýylda Adana memorandumyna gol çekilen wagtky pelsepä gaýdyp gelinmegi barada teklip hödürledik" diýip nygtady. 

Ady agzalan ylalaşygyň Türkiyä Siriýadaky terror howpuna goşulyşmak hukugyny berýändigini aýdan Lawrow: "Şol ylalaşyk häzirki wagtda hem öz güýjüni goraýar, hiç kim ylalaşygy ýatyrmady" diýip aýtdy. 


Etiketkalar: #Russiýa , #Sergeý Lawrow

Degişli Habarlar