Nigeriýada soňky 14 ýylda 23 müňden gowrak adam dereksiz ýitdi

Nigeriýanyň demirgazyk-gündogarynda eýýäm 14 ýyl bäri dowam edýän terrorçylykly hadysalar sebäpli 23 müňden gowrak adam dereksiz ýitdi

2030273
Nigeriýada soňky 14 ýylda 23 müňden gowrak adam dereksiz ýitdi

Halkara Günä geçişlik guramasy we Allamin gaznasynyň Nigeriýa direktory Isa Sanusi terror guramasy Boko Haramyň ýurduň demirgazyk gündogar sebitinde artýan hüjümleri sebäpli müňlerçe adamyň dereksiz ýitendigini habar berdi. 

Sebitde soňky 14 ýylda başdan geçirilen terrorçylykly hadysalar sebäpli 23 müňden gowrak adamyň dereksiz ýitendigini aýdan Sanusi hökümediň şol hadysalara sesini çykarmaýandygyny mälim etdi. 

Nigeriýada 2000-nji ýyllaryň başynda barlygyny görkezmäge başlan terror guramasy Boko Haramyň 2009-njy ýyldan bäri amala aşyran köpçülikleýin aksiýalarynda on müňlerçe adam ýogaldy. 

Gurama 2015-nji ýyldan bäri goňşy ýurtlar bolan Kamerun, Çad we Niger döwletlerine hem hüjümler guraýar. 



Degişli Habarlar