Popokatepetl wulkanynda partlamalar boldy

Meksikadaky Popokatepetl wulkanynda soňky 24 sagatda 3 aýry partlama boldy

2029802
Popokatepetl wulkanynda partlamalar boldy

Meksikanyň Milli Apatyň öňüni alyş merkezi tarapyndan berilen beýanatda, Popokatepetl wulkanynda soňky 24 sagatda 3 aýry partlamanyň bolandygy, 112 gezek gazyň we külleriň çykyşynyň hasaba alynandygy mälim edildi. 

Wulkanyň işleri barada çap edilýän gündelik habarnamada, kraterden çykýan külleriň ýeliň täsiri bilen günbatar we demirgazyk-günbatar ugurlaryna tarap ýaýraýandygy aýan edildi. 

Resmiler Popokatepetl wulkanyndaky partlamalaryň öňümizdäki günlerde orta ululykda dowam etjekdigine ünsleri çekip, sebitdäki adamlara wulkanyň kraterinden uzak durmaklary barada duýduryş berdiler. 


Etiketkalar: #Meksika , #wulkan , #Popokatepetl

Degişli Habarlar