Eýran Daniýanyň we Şwesiýanyň ilçihanalarynyň geňeşçilerini ministrlige çagyrdy

Eýran Daniýada we Şwesiýada Gurhana garşy hüjümleriň dowam etmegi sebäpli, şol ýurtlaryň Tähran şäherindäki ilçihanalarynyň geňeşçilerini Daşary işler ministrligine çagyrdy

2027023
Eýran Daniýanyň we Şwesiýanyň ilçihanalarynyň geňeşçilerini ministrlige çagyrdy

Eýranyň Döwlet telewideniýesinde berilen habarlara görä Daşary işler ministrligine çagyrylan Daniýanyň we Şwesiýanyň ilçihanalarynyň geňeşçilerine Gurhana garşy amala aşyrylmaga dowam edilýän edepsiz aksiýalar sebäpli Eýranyň nägilelikleri aýdylyp geçildi. 

Eýranyň Gurhana we Yslam mukaddesliklerine garşy gaýtalanýan aksiýalary berk ýagdaýda ýazgarýandyklary bellenip, geňeşçilere Gurhana garşy edilýän aksiýalaryň netijeleriniň we ähli jogapkärçilikleriň Şwesiýanyň we Daniýanyň hökümetlerine degişlidigi barada duýduryş berildi. 

Daniýanyň we Şwesiýanyň diplomatlary bolsa Eýranyň nägileliklerini ýurtlaryna ýetirjekdiklerini habar berdiler. 


Etiketkalar: #Gurhan , #Eýran , #Şwesiýa , #Daniýa

Degişli Habarlar