Ukrainanyň Prezidenti harby kommisarlary wezipelerinden çetleşdirdi

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý ýurduň ähli sebitleriniň harby komissarlaryny galplyk edendikleri sebäpli wezipelerinden çetleşdirdi

2026326
Ukrainanyň Prezidenti harby kommisarlary wezipelerinden çetleşdirdi

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý Ukrainanyň Milli howpsuzlyk we goranmak geňeşiniň 2023-nji ýylyň 11-nji awgustyndaky "Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň sebitleýin harby gulluga çagyrmak we sosial goldaw merkezleriniň derňewleriniň netijeleri barada" kararyň güýje girmegi bilen bagly kararnama gol çekdi. 

Wladimir Zelenskiý, 11-nji awgustda beren beýanatynda, Milli howpsuzlyk we goranmak geňeşiniň ýörite maslahatynda harby bölümleriň derňelmekleriniň netijelerini ele alandyklaryny belläp: "Harby bölümleriň ýolbaşçylary bilen bagly jemi 112 delo, 33 şübhe bar. Kabul eden kararlarymyz bilen ähli sebitleriň harby komissarlaryny wezipelerinden çetleşdirýäris" diýip habar berdi. 

Wladimir Zelenskiý täze harby kommisarlaryň wezipä bellenmelerinden ozal Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugy tarapyndan gözden geçiriljekdigini mälim etdi. 

Ýerli metbugatda berilen habarlara görä, geçen aý käbir sebitleriň harby kommisarlyklarynyň harby gulluga almak tapgyrynda wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalanandyklary, para alandyklary aýan boldy. 



Degişli Habarlar