Hytaýyň Goranmak ministri Belarussiýada saparda bolýar

Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Hytaý bilen dünýäniň bar bolan we gelejekdäki düzgüni bilen bagly şol bir garaýyşa eýediklerini belledi

2026343
Hytaýyň Goranmak ministri Belarussiýada saparda bolýar

Belarussiýanyň habarlar agentligi BelTA tarapyndan berilen habara görä, Lukaşenko paýtagt Minsk şäherine gelen Hytaýyň Goranmak ministri Li Şangfuny kabul etdi. 

Lukaşenko duşuşykda: "Belarussiýa we Hytaý, köp polýarly bir dünýä, territorial bütewilik we II Jahan urşyndan soň kesgitlenen serhetleriň bütewiligini goldaýar. Ýurtlaryň içerki işlerine goşulyşmazlyk ýörelgesine bolan ygrarlylygyny dowam etdirýär. Gysgaça aýdylanda Hytaýyň daşary syýasatynyň paletiniň bütewiligi biziňkä meňzeş" diýip belledi. 

Lukaşenko Hytaýyň içerki we daşary syýasatynyň bütewiligine adalatlydygyny, düşünişmezçilikleriň we çaknyşyklaryň parahatçylyk çözgüdine gönügendigini beýan etdi. 

Lukaşenko, dünýäniň durnuksyz bir zamanadan geçýändigini, onuň hem Belarussiýanyň hemde Hytaýyň ýalňyşlygy däldigini, bu şertlerde Russiýanyň we Hytaýyň dostlugyna esaslanýandyklaryny belläp, Belarussiýanyň we Hytaýyň arasyndaky harby hyzmatdaşlygyň 3-nji ýurtlary gönükdirilmändigini nygtady. 

Hytaýyň Goranmak ministri Li Şangfu hem Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň mart aýynda Pekine guran saparynda, Hytaýyň Döwlet başlygy Si Szinpin bilen iki ýurduň arasynda goranyş senagaty bilen birlikde harby hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen bagly ylalaşyga gelendiklerini ýatladyp, saparynyň şol ýokary derejeli ylalaşygyň durmuşa geçirilmegini maksat edinýändigini habar berdi. 


Etiketkalar: #Hytaý , #Belarussiýa

Degişli Habarlar