“ABŞ-nyň Soňky AsyrdaBaşdan Geçiren Iň Uly Tokaý Ýangyny”

Jo Baýden, gysga wagtda ştata sapar gurajakdygyny aýtdy

2025104
“ABŞ-nyň Soňky AsyrdaBaşdan Geçiren Iň Uly Tokaý Ýangyny”

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Gawaýi ştaýtyndaky tokaý ýangynlarynyň ýurdunda soňky 100 ýylda bolan iň uly tokaý ýangynydygyny nygtap, gysga wagtda ştata sapar gurajakdygyny aýtdy

Prezident Baýden, Gaýawi ştatyndaky tokaý ýangynlarynyň, ABŞ-nyň soňky asyrda başdan geçiren iň uly tokaý ýangynydygyny nygtap, ýangynda köp sanly adamyň ýogalandygyna we uly ýitgi çekilendigine ünsi çekdi.

“Aýalym Žill bilen gysga wagtda Gawaýi ştatyna gideris” diýen Prezident Baýden, ştatyň gubernatory bilen mesele hakynda pikir alyşandygyny belledi.

Ýangynlar sebäpli öýlerini terk eden her maşgala  bir gezekligine 700 dollarlyk maliýe kömeginiň beriljekdigini aýdan Baýden, Adatdan daşary ýagdaýlar gullugy FEMA-nyň ýangyn sebäpli ejir çekenler üçin işe girişendigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar