Dominikan Respublikasynda partlama boldy

Resmiler partlamanyň sebäbiniň derňelýändigini habar berdiler

2024952
Dominikan Respublikasynda partlama boldy

Dominikan Respublikasynyň San-Kristobal şäherindäki bazarda ýerleşýän çörek bişirilýän sehde bolan partlamada ilkinji kesgitlemelere görä 3 adam ýogaldy, 39 adam ýaralandy. 

Ýerli resmiler San-Kristobal şäheriniň "Old Marketplace" diýip tanalýan bazardaky çörek bişirilýän sehde partlamanyň bolandygyny we käbir binalaryň ýumrulandygyny habar berdi. 

Partlamada ilkinji kesgitlemelere görä 3 adamyň ýogalandygyny aýdan resmiler, azyndan 39 adamyň hem ýaralanandygyny mälim etdiler. 

Resmiler partlamanyň sebäbiniň derňelýändigini habar berdiler. 



Degişli Habarlar