Dagystanda Benzin Bekedinde Bolan Partlamada 35 Adam Ýogaldy

Partlamada 35 adamyň ýogalandygy, 80 adamyň ýaralanandygy ýatladyldy.

2024595
Dagystanda Benzin Bekedinde Bolan Partlamada 35 Adam Ýogaldy

 

Russiýa Federassiýasynyň Dagystan Awtonomiýasynda düýn agşam benzin bekedinde bolan partlamada ýogalanlaryň sany 35 adama ýetdi.

Dagystanyň Awtonomiýasynyň döwlet Ýolbaşçysy Sergeý Melikow, beren ýazmaça beýannamasynda, Mahaçkala şäherinde benzin bekedinde düýn agşam bolan partlamada ýaralananlaryň bejergisiniň dowam edýändigini nygtady.

Melikow, partlamada 35 adamyň ýogalandygyny, 80 adamyň ýaralanandygyny ýatlatdy.

Mesele hakynda derňew işi gozgaldy.

 

 


Etiketkalar: #partlama , #benzin , #Dagystan

Degişli Habarlar