Italiýada Aşa Köp Ýagýan Ýagyşlar Ýeriň Süýşmegine Sebäp Boldy

120 adam sil apaty sebäpli başga ýere göçürildi.

2024323
Italiýada Aşa Köp Ýagýan Ýagyşlar Ýeriň Süýşmegine Sebäp Boldy

Italiýanyň Pýemont sebitinde aşa köp ýagýan ýagyşlar ýeriň süýşmegine sebäp boldy.

Italiýanyň ANSA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Pýemont sebitinde aşa köp ýagýan ýagyşlar ýeriň süýşmegine sebäp boldy.

Ýeriň süýşmegi sebäpli Merdowine derýasy daşdy we Pýemons sebitiniň Bardonekiýa etrapçasy suwyň aşagynda galdy.

Italiýanyň Daşary işler ministri Tažani, ozalky ady Twitter bolan X sosial mediadan beren habarnamasynda, “Bardonekiýa etrapçasynda suwyň aşagynda galan 5 adam halas edildi” diýdi.

Daşary işler ministri sil apaty sebäpli ejir çekenlere degişli kömegiň beriljekdigini belledi.

120 adam sil apaty sebäpli başga ýere göçürildi.



Degişli Habarlar