Lamine Zein Nigeriň Premýer-ministrligine Bellendi

ECOWAS-yň hunta beren bir hepdelik möhledi düýn gije doldy.

2021509
Lamine Zein Nigeriň Premýer-ministrligine Bellendi

Nigerde 26-njy iýulda häkimiýeti ele geçiren harby hunta Lamine Zeini Premýer-ministr hökmünde belledi.

Ýurdunda tanymal ykdysadyýetçi bolan 58 ýaşyndaky Zein 2002-nji ýyldan 2010-njy ýylda çenli Maliýe ministri wezipesini ýerine ýetirdi.

Zein soňky gezek Afrika Galkynyş bankynyň Çatdaky wekili wezipesini ýerine ýetirýärdi.

Harby agdarlyşykdan soň ABŞ-dan Nigere ýokary derejeli sapar guraldy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Nuland, Nigerdäki harby huntanyň agzalary bilen duşuşmak üçin Nigere sapar gurady.

Nuland saparyň çäginde geçirlen gepleşikleriň içgin ýagdaýda geçendigini belledi.

Prezident Muhammed Bazum bilen duşuşmak isländigini emma kabul edilmändigini aýdan Nuland, Bazum bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini nygtady.

Burkina-Fasodaky we Malidäki harby hökümetiň agzalary hem Nigere gitdi. Topar harby hunta goldaw bermek maksady bilen ugradyldy.

Fransiýada bolan Nigeriň Premýer-ministri Mahamadou bolsa harby huntanyň Günbatar Afrika döwletleriniň ykdysadyýet bileleşigi ECOWAS bilen aragatnaşyk saklamak isleýändigini aýtdy.

Nigerde 26-njy iýuldaky harby agdarlyşykdan soň ECOWAS hunta7 günlük möhlet beripdi.

ECOWAS-yň hunta beren bir hepdelik möhledi düýn gije doldy.

6-njy awgustda çenli Prezident Muhammed Bazumyň boşadyljakdygy we wezipesine başlajakdygy, şeýle bolman  halatynda harby operasiýanyň başladyljakdygy habar berlipdi.

Emma möhlediň dolandygyna garamazdan heniz hili operasiýa başladylmady.



Degişli Habarlar