Saud Arabystanynda Russiýa-Ukraina krizisi maslahaty geçirildi

Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde Russiýa-Ukraina krizisiniň çözgüt ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin geçirilen maslahatda geňeşmeleriň dowam etmegi babatynda ylalaşyk gazanyldy

2021204
Saud Arabystanynda Russiýa-Ukraina krizisi maslahaty geçirildi

Saud Arabystanynyň resmi habarlar agentligi SPA Jidde şäherinde şenbe güni başlap, 2 gün dowam eden maslahatyň ýapylyş jarnamasynyň çap etdi. 

Jarnamada Jidde şäheriniň Saud Arabystanynyň Milli Howpsuzlyk geňeşçisi Musaid bin Muhammed al-Aýbanyň ýolbaşçylygynda 40-dan gowrak ýurduň, BMG-nyň we halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahata ýere eýeçiligini edendigi habar berildi. 

2022-nji ýylyň 24-nji fewralyndan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina krizisiniň çözgüt ýollaryny maslahatlaşmak maksady bilen geçirilen maslahatda taraplaryň parahatçylyk ýollaryny taýarlaýan umumy platformalarda duşuşmak üçin halkara geňeşmeleriň dowam etmeginiň zerurudygy barasynda pikire gelendikleri mälim edildi. 

Maslahata ýer eýeçiligini eden Saud Arabystany Russiýa we Ukraina bilen birlikde Türkiyeden hem wekilleriň gatnaşandygy bellenen habarda, maslahata şeýle hem ABŞ, Germaniýa, Argentina, Awstraliýa, Bahreýn, BAE, Braziliýa, Bolgariýa, Hytaý, Çehiýa, Daniýa, Indoneziýa, Estoniýa, Finlýandiýa, Fransiýa, Günorta Afrika, Hindistan, Beýik Britaniýa, Ispaniýa, Şwesiýa, Italiýa, Ýaponiýa, Kanada, Katar, Koreýa, Kuweýt, Komor adalary, Latwiýa, Litwa, Müsür, Norwegiýa, Polşa, Rumyniýa, Slowakiýa, Iordaniýa we Çili ýaly ýurtlaryň maslahata gatnaşandygy aýan edildi. 



Degişli Habarlar