Pakistanyň Ozalky Premýer-ministri Imran Han Tussag Edildi

Kazyýet Imran Hany 3 ýyl azatlykdan mahrum etdi.

2020616
Pakistanyň Ozalky Premýer-ministri Imran Han Tussag Edildi

Pakistanyň polisiýa gullugy, ýurduň ozalky Premýer-ministri Imran Hany Lahor şäherindäki öýünde tussag etdi.

Pakistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Imran Han premýer-ministrligi döwründe alan sowgatlary sebäpli tussag edildi.

Kazyýet Imran Hany 3 ýyl azatlykdan mahrum etdi.

Pakistanyň Adalat we hukuk  edarasynyň başlygy Azam Nazir ozal beren beýannamasynda, İmranyň Hanyň 5 ýyl syýasat bilen gyzyklanmagynyň gadagan edilendigini mälim edipdi.

Pakistanyň kanunlaryna görä, premýer-ministrler, ministrler we ýokary derejeli ýolbaşçylar daşary ýurtly mihmanlardan alan sowgatlary hakynda “Toshakhana” atly edara maglumat bermäge mejbur. Emma premýer-ministrligi döwründe Imran Hana berlen sowgatlar hakynda hiç hili maglumat berilmändir.



Degişli Habarlar