Russiýanyň Ukraina Guran Hüjüminde 5 Adam Ýogaldy, 73 Adam Ýaralandy

Russiýa düýn irden Kriwoý Rog şäherine hüjüm gurapdy

2018530
Russiýanyň Ukraina Guran Hüjüminde 5 Adam Ýogaldy, 73 Adam Ýaralandy

Russiýanyň, Ukrainanyň Kriwoý Rog şäherine guran raketa hüjüminde ýogalanlaryň sany 5, ýaralananlaryň sany 73 adama ýetdi.

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, sosial mediadan beren habarnamasynda, Russiýanyň düýn irden Kriwoý Rog şäherine hüjüm gurandygyny mälim edipdi.

Raketa hüjüminden soň gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini nygtan Zelenskiý, hüjümde biri çaga 5 adamyň ýogalandygyny, onlarça adamyň hem ýaralanandygyny nygtady.

Hüjümde 8-i çaga 73 adamyň hem ýaralanandygy ýatladyldy.

Zelenskiý düýn irden beren habarnamasynda rus goşunynyň Kriwoý Rog we Herson şäherlerinde ýaşaýyş jaýlaryny we uniwersietiň binasyny nyşana alandygyny, wakada ýogalanlaryň we ýaralananlaryň bardygyny mälim edipdi.

Ukrainanyň İçeri işler ministri İgor Klimenko hem sosial mediadan beren habarnamasynda, hüjümde 1 adamyň ýogalandygyny, 10 adamyň ýaralanandygyny beýan edipdi.

 



Degişli Habarlar