Russiýadaky tupan sebäpli 8 adam ýogaldy

Russiýa güýçli tupanyň täsiri astynda

2017978
Russiýadaky tupan sebäpli 8 adam ýogaldy

Russiýada täsir bolan güýçli tupanda düşelgäniň üstüne agajyň agdarylmagy netijesinde 8 adam ýogaldy. 

Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, ýurduň orta sebitlerinde täsirli bolan tupan sebäpli Wolga derýasynyň demirgazygyndaky Mariý El sebitinde düşelgäniň üstüne agajyň agdarylmagy netijesinde 3-si çaga jemi 8 adamyň ýogalandygy habar berildi. 

Ýurduň 8 aýry sebitine täsir ýetiren tupanda şeýle hem 76 adam ýaralandy, takmynan 100 müň öý elektrik toksyz galdy, 50 bina zeper ýetdi. 

Resmiler sebitiň halkyna agaçlardan, zeper ýeten binalardan, ýöriş etmekden we ýüzmekden uzak duramklary barada çagyryş berdiler. 


Etiketkalar: #tupan , #Russiýa

Degişli Habarlar