Eýranda tälim uçary ýere gaçdy

Eýranyň Kereç şäherinde tälim uçarynyň ýere gaçmagy netijesinde 2 adam ýogaldy

2018039
Eýranda tälim uçary ýere gaçdy

Eýranyň resmi habarlar agentligi IRNA tarapyndan berilen habarlara görä, Peýam howa menziliniň Jemgyýetçilik gatnaşyklar müdürligi tarapyndan waka bilen baglanşykly ýazmaça beýanat berildi. 

Beýanatda: "Kereç şäherindäki Peýam howa menzilinde tälim uçarynyň ýere gaçmagy netijesinde 2 adam ýogaldy" diýip habar berildi. 

Uçaryň näme sebäpli ýere gaçandygy barada maglumat berilmedi, waka bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygy mälim edildi. 


Etiketkalar: #tälim uçary , #Eýran

Degişli Habarlar