Awstraliýada Kenara Çykan Kitler Halas Edilip Bilinmedi

97 pilot kit sişenbe güni Şeýnes plýažynda kenara çykypdy

2017367
Awstraliýada Kenara Çykan Kitler Halas Edilip Bilinmedi

Günbatar Awstraliýada kenara çykan 97 pilot kidiň halas edilip bilinmändigi habar berildi.

97 pilot kit sişenbe güni Şeýnes plýažynda kenara çykypdy.

Kitlerden 5-niň kenara çykandan gysga wagt soň ölendigi, 250 meýletiniň beýleki kitleri halas etmek üçin uly tagalla edendigi nygtaldy.

Meýletinleriň kitleri halas etmäge çalşandygy emma halas edip bilmändikleri bellenildi.

Daşky gurşaw ministri Reeje Whitbi, kitleriň näme sebäpli kenara çykandyklary hakynda hiç hili maglumatyň ýokdygyny, waka gynanç bildirýändiklerini ýatlatdy.

 


Etiketkalar: #kenar , #Awstraliýa , #kit

Degişli Habarlar