Nigeriýada anyklanmadyk kesel sebäpli eýýäm 5 adam ýogaldy

Nigeriýanyň Kaduna ştatynda entek anyklanmadyk kesel sebäpli ýogalanlaryň sany 5 adama ýetdi

2015117
Nigeriýada anyklanmadyk kesel sebäpli eýýäm 5 adam ýogaldy

Kaduna ştatynyň Sir Patrik Ýakowa hassahanasynyň sekretary Ezra Joşua ştatyň Kafançan sebitinde sebäbi entek anyklanyp bilinmedik kesel sebäpli 5 adamyň ýogalandygyny, 10 adamyň bolsa hassahanada bejergi astyna alynandygyny habar berdi. 

Joşua ýogalan adamlaryň näme sebäpli ýogalandyklarynyň anyklanmagy üçin derňew işiniň dowam etdirilýändigini belläp, hassahana ýatyrylan adamlaryň käbirlerinde üsgülewük we gusmak alamatlarynyň bardygyny beýan etdi. 



Degişli Habarlar