Gresiýanyň Korfu adasynda tokaý ýangyny başlady

Gresiýanyň Ýangyn söndüriji edarasyndan berilen beýanatda, düýn agşam başlan ýangyn sebäpli 12 aýry ýaşaýyş zolagynyň boşadylandygy habar berildi

2015103
Gresiýanyň Korfu adasynda tokaý ýangyny başlady

Habarlarda ýangynyň täsir ýetiren sebitlerde dynç alyp ýören syýahatçylaryň Kasiopi obasyna alynyp gidilendigi mälim edildi. 

Demirgazyk Korfunyň häkimi Ýorgos Mahimaris, Gresiýanyň döwlet habarlar agentligi AMNA beren beýanatynda: "Kyn bir ýagdaý, ýangyn Megulas sebitinde ilkinji ýaşaýyş ýerlerine baryp ýetdi" diýip aýan etdi. 

Beýleki tarapdan düýn agşam Moranyň demirgazygynda ýerleşýän Egio şäherçesiniň golaýynda ýüze çykan tokaý ýangyny sebäpli käbir ýaşaýyş ýerleriniň boşadylandygy beýan edildi. 

Resmiler düýn Gresiýada 82 aýry ýerde tokaý ýangynynyň başlandygyny habar berdiler. 



Degişli Habarlar