Russiýa, Ukrainanyň Kasset Bombasyny Ulanandygyny Öňe Sürdi

"Ukraina 21-nji iýulda Žurawliýewka obasyna hüjüm gurady. Hüjüm 21 raketa 3 kasset bombasy bilen guraldy”

2014732
Russiýa, Ukrainanyň Kasset Bombasyny Ulanandygyny Öňe Sürdi

Russiýanyň Belgorod sebitiniň gubernatory Wýaçeslaw Gladkow, Ukrainanyň harby goşunynyň kasset bombasy bilen sebite hüjüm gurandygyny habar berdi.

Gladkow, beren ýazmaça beýannamasynda, Ukrainanyň düýn Belgorod sebitine hüjüm gurandygyny mälim etdi.

Ukrainanyň hüjümlerinde kasset bombasyny ulanandygyny aýdan Gladkow, “Ukrainanyň harby goşuny 21-nji iýulda Žurawliýewka obasyna hüjüm gurady. Hüjüm 21 raketa 3 kasset bombasy bilen guraldy” diýdi.

Rus goşunynyň başga obalara hem hüjüm gurandygyny aýdan Gladkow, hüjümlerde adam pidasynyň çekilmändigini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar