Pakistanda Muson Ýagyşlary Sebäpli 17 Adam Ýogaldy

Penjap welaýatynda aşa köp ýagýan ýagyşlar gündelik durmuşa ýaramaz täsirini ýetirýär.

2008140
Pakistanda Muson Ýagyşlary Sebäpli 17 Adam Ýogaldy

Pakistana düýnden bäri dowam edýän muson ýagyşlary sebäpli ýogalanlaryň sany 17 adama ýetdi.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Penjap welaýatynda aşa köp ýagýan ýagyşlar gündelik durmuşa ýaramaz täsirini ýetirýär.

Muson ýagyşlary sebäpli Lahorda 4 adam ýogaldy, 14 adam ýaralandy.

Ýurtda düýnden bäri dowam edýän muson ýagyşlarynda ýogalanlaryň sany 17 adama ýetdi.

Ýolbaşçylar Jelum we Çenbad derýalarynyň daşyp biljekdigi barada halk duýduryş berdi.

 



Degişli Habarlar