Moskwa: "Ukrainaly 700 müň çaga Russiýada" diýdi

Ukraina rus güýçlerini Lugansk we Donetsk sebitlerinden ukrainaly çagalary alyp gaçmakda aýyplaýar

2006478
Moskwa: "Ukrainaly 700 müň çaga Russiýada" diýdi

Russiýa Federasiýasynyň ýokary ganady Federasiýa Geňeşiniň Halkara gatnaşyklar komitediniň başlygy Grigoriý Karasin, Ukrainadaky çaknyşyk zolaklaryndan 700 müň çaganyň Russiýadadygyny mälim etdi. 

Grigoriý Karasin sosial media hasabyndan beren beýanatynda, çagalar babatynda resmi Kiýewiň mesele ýüze çykarmaga synanyşýandygyny öňe sürdi. 

"Russiýanyň käbir Ýewropa ýurtlarynyň tersine çagalara ünsli we mähirli çemeleşýär" diýip aýdan Karasin: "Soňky ýyllarda Ukrainadaky çaknyşyk zolaklaryndan gaçan 700 müň çaga ýurdumyza sygyndy. Aglabasy maşgalalary bilen bilelikde, ýetimhanadaky çagalar hem mugallymlary bilen bilelikde" diýip habar berdi. 

Ukraina rus güýçlerini Lugansk we Donetsk sebitlerinden ukrainaly çagalary alyp gaçmakda aýyplaýar.


Etiketkalar: #çaga , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar