ABŞ-da guralan ýaragly hüjümde 4 adam ýogaldy

ABŞ-nyň Filadelfiýa ştatynda guralan ýaragly hüjümde 4 adam ýogaldy

2006837
ABŞ-da guralan ýaragly hüjümde 4 adam ýogaldy

CNN tarapyndan berilen habara görä, düýn agşam Filadelfiýa ştatynyň Kingsessing sebitinde ýaragly hüjüm guraldy. 

Polisiýa gullugy hüjümde 4 adamyň ýogalandygyny, 2 çaganyň hem ýaralanandygyny mälim etdi. 

Ok geçirmeýän bronežilet geýen 40 ýaşyndaky hüjümçiniň ok-däriler bilen birlikde saklanandygyny aýdan Polisiýa gullugy, sebitde tapylan tüpeňiň we sapançanyň hem hüjümçä degişli bolup biljekdigini beýan etdi. 

Ýaralanan 2 we 13 ýaşlaryndaky iki çaganyň saglyk ýagdaýynyň kadalydygyny aýdan Polisiýa gullugy hüjümçiler bilen hüjüme sezewar galan adamlaryň arasynda hiç hili arabaglanşygyň bolmandygyny pikir edýändiklerini habar berdi. 

Hüjüme ýarag bilen garşylyk görkezen 1 adamyň bolsa göz tussaglygyna alynandygy mälim edildi. 


Etiketkalar: #ýaragly hüjüm , #ABŞ

Degişli Habarlar