Britaniýada 17 Müň Ukrain Esgerine Harby Tälim Berdi

Britaniýada ukrain esgerlerine 12 ýurtdan hünärmenleriň gatnaşmagynda dowam edýän operasiýanyň çäginde 17 müň ukrain esgerine harby tälim berildi.

2004669
Britaniýada 17 Müň Ukrain Esgerine Harby Tälim Berdi

Britaniýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýannamada Britaniýanyň başlangyjy we Täze Zelandiýanyň, Awstraliýanyň, Kanadanyň, Norwegiýanyň, Daniýanyň, Finlýandiýanyň, Şwesiýanyň, Gollandiýanyň, Estoniýanyň, Latwiýanyň we Litwanyň goldaw bermegimnde alynyp barylýan köpmilletli “İnterflex” operasiýasy hakynda maglumat berildi.

Harby tälimleriň çäginde häzirki wagta çenli 17 müň ukrain esgerine tälim berilendigi beýan edilip, 2024-nji ýyla çenli 30 müň esgere tälim beriljekdigi, iňlis harby goşunlarynyň 1400 esger bilen tälimleri alyp barýandygy habar berildi.

Beýannamada geçen ýyl başlan operasiýanyň çäginde tälim alan ukrain harby gullykçylarynyň aýakgap, egin-eşik, kask, sowutly keltekçe we beýleki enjamlar bilen hem üpjün edilendigi aýdylýar.



Degişli Habarlar