Rus Hökümetine Garşy Pitne Turuzan Prigožiniň Jenaýat Işi Ýapyldy

Rus hökümetine garşy pitne turuzan hakynatutma söweşiji topar “Wagneriň” ýolbaşçysy Ýewgeniý Prigožin hakynda gozgalan jenaýat işiniň ýapylandygy habar berildi.

2004667
Rus Hökümetine Garşy Pitne Turuzan Prigožiniň Jenaýat Işi Ýapyldy

Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugynyň beren Prigožin hakynda Russiýanyň hökümetine ýarag gozgalan turuzmak sebäpli 23-nji iýunda jenaýat işiniň gozgalandygy ýatladylýar.

Pitnä gatnaşanlaryň 24-nji iýunda “jenaýat mazmunly” aksiýalaryny bes edendiklerine üns çekilýän beýannamada; “Bu ýagdaý we jenaýat işi üçin esasy bolan beýleki şertlere görä 27-nji iýunda jenaýat işiniň ýapylmağy hakynda karar kabul edildi” diýilýär.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýannama görä bolsa “Wagnere” degişli harby enjamlaryň Russiýanyň ýaragly güýçlerine degişli harby bölümlere geçirilmegi boýunça taýýarlyklar dowam edýär.



Degişli Habarlar