Dünýäde Ynsanperwer Kömege Mätäç Adamlaryň Sany 360 Milliona Ýetdi

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş dünýade ynsanperwer kömege mätäçlik çekýän adamlaryň sanynyň geçen ýyla görä 30 göterim artyp, 360 milliona ýetendigini beýan etdi.

2002901
Dünýäde Ynsanperwer Kömege Mätäç Adamlaryň Sany 360 Milliona Ýetdi

Guterriş BMG-niň Ykdysady we sosial geňeşiniň mejlisinde çykyş etdi.

Mejbur ýagdaýda öýlerinden mahrum bolan adamlaryn sanynyň 110 milliona ýetendigine üns çeken Guterriş, 260 million adamyň bolsa uly azyk kepilsizligini we açlyk çekýändigini nygtady.

Guterriş, onuň esasy sebäbiniň dowam edýan çaknyşyklar we täze başlan söweşlerdigini beýan edip; “Kowid-19 döwründe başlan we Russiýanyň Ukraina hüjümi bilen agyrlaşan global ykdysady kynçylyklar iň durnuksyz şertlerde bolanlara agyr zeper ýetirýär” diýdi.

Çaknyşyklara tarap bolup durýan adamlaryn halkara hukuk bozmalar bilen “kabul edilmesiz” kynçylyklary çekmeli bolandygyna ünsi çeken Antoniu Guterriş; “Global gumanitar çökgünlik döwrümiziň iň agyr meselelerine garşy bilelikde göreşip bilmeýändigimizi görkezýär” diýdi.



Degişli Habarlar