ÝB, ABŞ we NATO Howanyň Üýtgemeginiň Global Howpsuzlyga Ýetirýän Täsirlerine Garşy Bilelikde Göreşer

Taraplar Belgiýanyň paýtagty Brýusselde duşuşyk geçirdiler.

2002914
ÝB, ABŞ we NATO Howanyň Üýtgemeginiň Global Howpsuzlyga Ýetirýän Täsirlerine Garşy Bilelikde Göreşer

ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan we Howpsyzlyk syýasatlaryndan jogapkär Ýokary wekili Žozep Borrell ABŞ-nyň Klimat boýunça ýörite wekili Jon Kerri, NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg we ÝB Komissiýasynyň Başlygynyň orunbasary Frans Timmermans howanyň üýtgemeginiň parahatçylyga hem-de howpsuzlyga ýetirýän ýaramaz täsirleri hakynda pikir alyşmak üçin Belgiýanyň paýtagty Brýusselde duşuşyp, bilelikde ýazmaça beýannama berdi.

Beýannama görä taraplar howanyň üýtgemeginiň dünýä üçin uly howp emele getirýändigini, aýratynam howpsuzlyk we goranyş üçin ýaramaz täsirleriniň bardygyny nygtadylar.

Şol maksat bilen NATO we ÝB, howanyň üýtgemeginiň howpsuzlyga ýetirýän täsirlerini seljermek üçin hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge dowam etmek, şol täsirleri we howpsuzlyk meselesinde depgini güýçlendirilen dialog üçin şertleri öwrenmek hakynda karar kabul etdi.

Taraplar geljek aý Litwanyň paýtagty Wilnýusda geçiriljek NATO-nuň sammitinde howanyň üýtgemegi we daşky gurşawyň zaýalanmagynyň howpsuzlyk bilen bagly taraplary, energiýadan netijeli peýdalanmak, harby işlerden we desgalardan gelip çykýan parnik gazynyň zyňylymyny ölçemek hem-de azaltmak ýaly operasional maglumatlar boýunça hyzmatdaşlyk şertlerini kesgitlemek hakynda ylalaşdylar.

ÝB, ABŞ we NATO bu meselelerde ýokary derejeli maslahatlaryň dowam etdirilmegi boýunça ylalaşdylar.



Degişli Habarlar