Afrine raketaly hüjüm guraldy

Terror guramasynyň hüjüminde ýaralanan asuda ilatdan 3 adam, golaýdaky hassahanalara gönükdirildi

2000985
Afrine raketaly hüjüm guraldy

Siriýanyň Tel-Ryfat etrabynda basyp alyşlygyny dowam etdirýän ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza terrorçylaryň, harby oppozisiýanyň gözegçiligi astynda bolan Afrin etrabyna guran raketaly hüjüminde asuda ilatdan 3 adam ýaralandy. 

Türkiye serhedine 18 km alysda ýerleşýän Tel-Ryfat etrabyny 6 ýyl bäri basyp alyşlyk astynda saklaýan PKK/ÝPG, asuda ilatly ýerleri nyşana almaga dowam edýär. 

Tel-Ryfatda barlygyny dowam etdirýän terrorçylar, Afriniň günorta-günbataryndaky Terende obasynda öz ýaşaýan ýerlerinden mahrum bolan adamlaryň sygynan briket öýlere 6 raketa bbilen hüjüm guradylar. 

Terror guramasynyň hüjüminde ýaralanan asuda ilatdan 3 adam, golaýdaky hassahanalara gönükdirildi. 

Ekin meýdanlaryna degen raketalaryň sebäp bolan ýangyn raýat goranyş toparlar tarapyndan söndürildi. 


Etiketkalar: #raketa , #Afrin , #Siriýa

Degişli Habarlar