ÝB-ne Agza Ýurtlar Russiýa Sanksiýalar Boýunça 11-nji Bukjany Tassyklady

ÝB-ne agza ýurtlar Russiýa goýulan sanksiýalaryň düzgünleriniň öňüni almak we goşmaça çäklendiriji çäreler görmek üçin 11-nji sanksiýa bukjasyny tassyklady.

2003687
ÝB-ne Agza Ýurtlar Russiýa Sanksiýalar Boýunça 11-nji Bukjany Tassyklady

ÝB-niň bar bolan sanksiýalaryny güýçlendirmek we sanksiýalaryň düzgünleriniň bozulmagynyň öňüni almak maksady bilen taýýarlaran bukja görä çäklendiriji çärelerdäki kanuny boşluklar ortadan aýrylar.

Sanksiýalaryň daşyndan aýlanmagyň öňüni almak üçin 3-nji ýurtlar bilen edilýän hyzmatdaşlyk artdyrylar.

ÝB Geňeşi Russiýa ugradylmagy gadagan bolan önümleriň we tehnologiýalaryň satuwyny, üpjün edilmegini ýa-da eksportuny 3-nji ýurtlara çäklendirip biler.

Russiýanyň harby we tehnologik taýdan ösmegine, goranyş ýa-da howpsuzlyk pudagyna goşant goşjak önümleriň we tehnologiýalaryň ýurda üýtaşyr geçirilmegi gadagan ediler. Awiasiýa we kosmos senagatynyň enjamlary bilen tehnologiýalary hem ÝB-den 3-nji ýurtlara eksport edilen harby uçar ýangyjy we ýangyja garylýan maddalar şol çäkde bolar.

Russiýa edilýän eksport we import gözegçiligi bilen çäklendirmeleriň çagi hem giňeldiler.

Russiýanyň harby we industrial kompleksine gönüden goldaýan 87 gurama ÝB-niň sanksiýa sanawyna goşular. Sanawda Russiýa söwda çäklendirmeleriniň düzgünleriniň bozulmagyna sebäp bolan Hytaýda, Özbegistanda, Birleşen Arap Emirliklerinde, Siriýada we Ermenistanda bellige alynan guramalar bilen Russiýa uçarmansyz howa ulagyny beren Eýranyň 4 guramasy goşular.



Degişli Habarlar