Belgiýa Ukraina Berilen Ýaraglaryň Russiýa Garşy Hüjümlerde Ulanylmagyny Islemeýär

Belgiýanyň hökümeti Ukraina beren ýaraglarynyň Russiýa garşy hüjümlerde ulanylmagyna garşy durýar.

1995509
Belgiýa Ukraina Berilen Ýaraglaryň Russiýa Garşy Hüjümlerde Ulanylmagyny Islemeýär

Ukraina ugradylan Belgiýanyň “FN Herstal” firmasynyň öndüren “FN Skar” kysymly awtomatik ýaraglaryň Rýssiýada höklümete garşy toparlar tarapyndan rus goşunlaryna hüjümlerde ulanylandygyny görkezýän wideo ýazgylar Belgiýada diskussiýalara sebäp boldy.

Belgiýanyň Premýer-ministri Aleksander De Kru gatnaşan telegepleşiginde mesele bilen bagly soraglara jogap berýärkä howpsuzlyk gulluklaryndan Belgiýada öndürilen ýaraglaryň Russiýada ulanylyp, ulanylmandygyny anyklamagyny isländigini aýtdy.

“Heniz şeýle maglumaty tassyklajak delilim ýok” diýen De Kru, Ukraina beren ýaraglarynyň “diňe Ukrainanyň goralmagy” üçin peýdalanylma şertiniň bardygyny nygtady.

De Kru; “Hem Belgiýada öndürilen ýaraglar hem-de beýleki Ýewropa ýurtlaryndan giden ýaraglar boýunça gyşarnyksyz düzgünlerimiz bar. Ukrainalylardan bu barasynda maglumat Bermeklerini soradyk” diýdi.



Degişli Habarlar