Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Maslahaty Hindistanda Geçirler

Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň liderler maslahaty 4-nji iýulda wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly geçirler.

1993732
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Maslahaty Hindistanda Geçirler

Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň liderler maslahaty Hindistanyň ýer eýeçiligine 4-nji iýulda wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly geçirler.

Hindistanyn Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannama görä, geçen ýyl Özbegistanyň Samarkand şäherinde agza ýurtlaryň liderleriniň gatnaşmagynda geçirlen ŞHG-nyň maslahaty şu ýyl 4-nji iýulda Hindistanyň ýer eýeçiliginde wideo argatnaşyk ulgamy arkaly geçirler.

Beýannamada, maslahata gurama agza ýurtlar Hytaý, Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzstan, Pakistan, Täjigistan we Özbegistan bilen birlikde synçy ýurt hökmünde Eýranyň, Belarusyň we Mongoliýanyň çagyrlandygy nygtaldy.

Beýannamada, maslahatyň näme üçin wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilýändigi barada bolsa maglumat berilmedi.

 



Degişli Habarlar