Eýran: "Ysraýyl bilen arabaglanşykly terrorçylykly topar tussag edildi" diýdi

Eýranda Ysraýyl bilen arabaglanşykly terrorçylykly toparyň tussag edilendigi habar berildi

1992619
Eýran: "Ysraýyl bilen arabaglanşykly terrorçylykly topar tussag edildi" diýdi

Mehr habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Eýranyň Kazyýet organynyň Maglumatlar merkeziniň başlygy Ali Abdullahi, paýtagt Tähranda Kazyýet organynyň Ýokary geňeşiniň maslahatynda mesele bilen bagly beýannama berdi. 

Ali Abdullahi: "Sionist režim (Ysraýyl) bilen arabaglanşykly 14 adamdan ybarat terrorçylykly topar, käbir adamlaryň janyna kast etmek üçin meýilnama taýarlaýan mahallary Günbatar Azerbaýjan razwedka topary tarapyndan tussag edildi" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #topar , #Ysraýyl , #Eýran

Degişli Habarlar