“Husiler Parahatçylyga Goldaw Bermeýär”

Ýemeniň Premýer-ministri Muin Abulmelik, Eýran tarapyndan goldanýan Husileriň parahatçylyga goldaw bermeýändigini nygtady.

1987134
“Husiler Parahatçylyga Goldaw Bermeýär”

 

Ýemeniň Premýer-ministri Muin Abulmelik, ýurtdaky söweşiň bes edilmegi üçin uly egilşik edendiklerini emma Eýran tarapyndan goldanýan Husileriň parahatçylyga goldaw bermeýändigini nygtady.

Ýemeniň resmi SABA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Premýer-ministr Abdulmelik, Aden şäherinde ÝB-ne agza ýurtlaryň ilçileri we ÝB-niň resmi wekiliýeti bilen duşuşdy.

Duşuşykda, Ýemende başdan geçirilýän soňky wakalar, syýasy çözgüt  we parahatçylyk etabynyň depgininiň güýçlendirilmegi üçin sebitara we halkara derejesinde edilýän tagallalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýemeniň Premýer-ministri, hökümetiň söweşiň bes edilmegi üçin uly egilşik edendigini beleldi.

Hökümetiň, Husileriň nebit pudagyny nyşana alýan hüjümleri we gara altyndan alynýan girdejini talandygy sebäpli ykdysady taýdan uly ýitgi çekendigine ünsi çeken Abdulmelik, “Husiler, hüjümlerine dowam etmek bilen parahatçylyk islemeýändiklerini we halkyň başdan geçirýän kynçylyklaryna üns bermeýändiklerini görkezdi” diýdi.


Etiketkalar: #egilşik , #Husiler , #Ýemen

Degişli Habarlar