ABŞ-daky tüweleýde bir adam ýogaldy

ABŞ-nyň Tehas ştatynda başdan geçirilen tüweleýde azyndan 1 adam ýogaldy, 11 adam ýaralandy

1986445
ABŞ-daky tüweleýde bir adam ýogaldy

Ýerli çeşmelere görä, ştatyň Rio Grande Walleý sebitinde şenbe güni täsirli bolan tüweleý adam ýitgilerine sebäp boldy. 

Port Izabeliň Polisiýa departamentiniň sosial media hasabyndan berilen beýannamada, tebigy apatda häzirki wagta çenli 1 adamyň ýogalandygy, 2-siniň saglyk ýagdaýy agyr 11 adamyň hem ýaralanandygy habar berildi. 

Milli Meteorologiýa gullugy, sebite sagatda takmynan 177 km tizlik bilen täsir ýetiren tüweleýiň öýlere zeper ýetirendigini, elektrik tok geçirijilerine zyýan ýetirendigini mälim etdi. 

Ýerli resmiler sebitde tebigy apat yglan etdi, güýçli ýeliň täsiri bilen täze tüweleýleriň emele gelip biljekdigi barada duýduryş berildi. 


Etiketkalar: #Tehas , #tüweleý , #ABŞ

Degişli Habarlar