Mişel, Aliýew we Paşinýan Bilen Duşuşar

Aliýew bilen Paşinýan, ÝB Geňeşiniň başlygy Çarlez Mişel bilen 14-nji maýda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde duşuşar.

1984435
Mişel, Aliýew we Paşinýan Bilen Duşuşar

 

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, ÝB Geňeşiniň başlygy Çarlez Mişel bilen 14-nji maýda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde duşuşar.

 ÝB Geňeşinden berlen ýazmaça beýannamada, Mişeliň, Aliýew we Paşinýan bilen geçirýän gepleşikleriniň çäginde14-nji maýda ýaňadandan duşuşjakdygy nygtaldy.

Beýannamada,

 Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň we ÝB Geňeşiniň başlygy Çarlez Mişeliň 1-nji iýunda hem Moldowada Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron we Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şolz bilen duşuşjakdygy nygtaldy.

Aliýew bilen Paşinýan ilkinji gezek Mişeliň ýolbaşçylyk etmeginde 2021-nji ýylyň 14-nji apreline duşuşypdy.

Üçtaraplaýyn duşuşygyň soňkusy bolsa 2022-nji ýylyň 31-nji awgustynda geçirlipdi.

 



Degişli Habarlar