Borrel, Ysraýylyň Daşary Işler Ministri Kohen Bilen Duşuşdy

Borrel bilen Kohen, ÝB bilen Ysraýylyň arasyndaky özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy

1982111
Borrel, Ysraýylyň Daşary Işler Ministri Kohen Bilen Duşuşdy

ÝB, Ysraýyldan dartgynlygyň artmagyna sebäp bolup biljek we iki döwletli çözgüde zeper ýetirjek bir taraply hereketlerden gaça durulmagyny isledi.

ÝB-niň Daşarky gatnaşyklardan we howpsuzlykdan jogapkär ýokary wekili Borrel bilen Ysraýylyň Daşary işler ministri Eli Koheniň ilkinji ikiçäk duşuşygyndan soň ÝB tarapyndan berlen ýazmaça beýannamada, iki döwletli çözgüde goldaw berildi.

Beýannamada, Borrel bilen Koheniň, ÝB bilen Ysraýylyň arasyndaky özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.

Beýannamada, Borreliň, ÝB bilen Ysraýylyň arasyndaky güýçli hyzmatdaşlyga ünsi çekendigi bellenildi.

Borreliň, ÝB-niň şu ýyl Şäriklik geňeşiniň maslahatynyň geçirilmegine garaşylýandygyna we özara gatnaşyklary Russiýa hem-de Eýran tarapyndan abanýan howplara garşy has-da çuňlaşdyrmak isleýändiklerine ünsi çekendigi ýatladyldy.

ÝB tarapyndan berlen ýazmaça beýannamada, Borreliň, Ysraýyla garşy guralan soňky terrorçylykly we raketa hüjümini ýazgarandygy, şol bir wagtda hem basyp alyşlyk astyndaky Palestinada başdan geçirilýän soňky wakalara alada bildirendigi bellenildi.

Beýannamada, ÝB-niň Ýakyn Gündogar parahatçylyk etaby meselesinde Ysraýyl bilen aragatnaşyk saklamaga dowam etjekdigi, ÝB-niň iki döwletli çözgüde goldaw berýändigi nygtaldy.

Beýannamada şeýle hem Ysraýylyň käbir arap ýurtlary bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagy meselesinde baglaşan şertnamasyna goldaw berýändigi ýatladyldy.


Etiketkalar: #Jozep Borrel , #Ysraýyl , #ÝB

Degişli Habarlar