Eýranyň dini lideri referendum geçirilmegi baradaky teklipleri ret etdi

Eýranyň dini lideri Aýetullah Ali Hamaneý, ýurtdaky meseleler bilen baglanşykly käbir töwerekler tarapyndan wagtal-wagtal gün tertibe getirilýän referendum geçirilmek baradaky teklibi ret etdi

1977200
Eýranyň dini lideri referendum geçirilmegi baradaky teklipleri ret etdi

Eýranyň döwlet telewideniýesiniň berýän habaryna görä, Eýranyň dini lideri Aýetullah Ali Hamaneý ýurtdaky talyp birleşmeleriniň wekillerini kabul etdi. 

Ýurduň tapawutly meseleleri barada karara gelmek üçin käbir töwerekler tarapyndan wagtal-wagtal gün tertibe getirilýän referendum geçirilmek baradaky soraga Hamaneý: "Ýurduň tapawutly meseleleri bilen bagly referendum geçirilmez, sebäbi her bir referendum 6 aýyň dowamynda bütin ýurdy gyzyklandyrýar. Mundan başgada dünýäniň niresinde ähli meseleler boýunça referendum geçirilýär?" diýip jogap berdi. 

Hamaneý: "Halkyň sözi üçin bir mehanizm bar. Ýagny bir adamy başlyk hökmünde saýlarlar, deputatlaryny saýlarlar. Şol halkyň sözüdir, halkyň sözüne şolar ýaly göz ýetiriler" diýdi. 

Eýranda soňky ýyllarda käbir töwerekler dolanşyk ulgamy bilen bagly referendumyň geçirilmeginiň zerurdygyny aýdýarlar. 

Referendumyň tarapdarlarynyň arasynda ýurduň ozalky Prezidenti Hasan Ruhani hem bar. Hasan Ruhani 2018-nji ýylda ynkylap dabaralarynda eden çykyşynda, ýurtdaky bölünişikleri çözmek üçin referendum geçirilmegini teklip edipdi. 

 



Degişli Habarlar