Russiýanyň Baltika floty söweşe ýokary taýýarlyk ýagdaýyna getirildi

Russiýanyň Baltika floty barlag işleriniň çäginde söweşe ýokary taýýarlyk ýagdaýyna getirildi

1976289
Russiýanyň Baltika floty söweşe ýokary taýýarlyk ýagdaýyna getirildi

Baltika flotynyň metbugat gullugyndan berilen beýanata görä, flotyň Baltika deňizinde ýerleşýän bazasyndaky güýçleriň barlag işleriniň çäginde söweşe ýokary taýýarlyk ýagdaýyna getirilip, harby türgenleşige başlady. 

Russiýanyň Krasnodar sebitinde geçirilýän harby türgenleşige floda degişli 1500-den gowrak esger, 10 harby gämi, 50 harby tehnika bilen uçarlar we dikuçarlar gatnaşýar. 

Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, 14-nji aprelde barlag işleriniň çäginde Ýuwaş okean flotynyň söweşe ýokary taýarlyk ýagdaýyna getirilendigini habar beripdi. 

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, düýn Sergeý Şoýga rus flotyndaky barlaglaryň dowam etdirilmegi barada görkezme beripdi. 


Etiketkalar: #Russiýa , #flot , #Baltika

Degişli Habarlar