Russiýa metrikara ballistik raketa synagyny geçirdi

Russiýa metrikara ballistik raketa synagyny geçirendigini habar berdi

1973944
Russiýa metrikara ballistik raketa synagyny geçirdi

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda ýurduň günortasyndaky Astrahan sebitinde ýerleşýän Kapustin Ýar poligonyndan materikara ballistik raketanyň uçurylandygy mälim edildi. 

Beýanatda raketa synagynyň üstünlikli ýagdaýda geçendigi bellenip: "Synagyň maksady döwrebap materikara ballistik raketa enjamlaryny gözden geçirmekdi" diýip habar berildi. 

Synagda ulanylan raketanyň ady bilen bagly maglumat berilmedik beýanatda, raketanyň Gazagystanda ýerleşýän Sary-Şagan poligonyndaky nyşanany ýok edendigi aýan edildi. 



Degişli Habarlar