Eýran Bilen Saud Arabystanynyň Arasyndaky Gtanaşyklar 7 Ýyl Soň Kadalaşdy

Eýranyň we Arabystanynyň Daşary işler ministri Hytaýyň paýtagty Pekinde duşuşdy.

1970943
Eýran Bilen Saud Arabystanynyň Arasyndaky Gtanaşyklar 7 Ýyl Soň Kadalaşdy
suudi arabistan-iran.jpg

Eýran bilen Saud Arabystany, iki ýurduň ilçihanalarynyň ýaňadandan açylmagy we iki taraply ýagdaýda uçar saparlarynyň başladylmagy ýaly birnäçe mesele boýunça ylalaşyk gazandy.

Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan bilen Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Ferhan Hytaýyň paýtagty Pekinde duşuşdy.

Duşuşyk, iki ýurduň daşary işler ministrleriniň arasynda 7 ýyl soň geçirlen ilkinji duşuşyk boldy.

Iki ýurt, iki ýurduň ilçihanalarynyň ýaňadandan açylmagy, iki taraply ýagdaýda uçar saparlarynyň başladylmagy we iki ýurduň raýatlaryna wiza ýeňilliginiň döredilmegi ýaly birnäçe mesele boýunça ylalaşyk gazandy.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar