Germaniýaly Ministr Garaşylmadyk Ýagdaýda Ukraina Bardy

Germaniýanyň Federal Kansleriniň orunbasary we Ykdsadyýet ministri Robert Habek Ukraina bardy.

1969031
Germaniýaly Ministr Garaşylmadyk Ýagdaýda Ukraina Bardy

Germaniýanyň Federal Kansleriniň orunbasary we Ykdsadyýet ministri Robert Habek, garaşylmadyk ýagdaýda Russiýa bilen söweşýän Ukraina bardy.

“Şpigel” žurnalynyň internet saýtynda berlen habarda, şol bir wagtda Energetika ministri wezipesini hem ýerine ýetirýän Habekiň şu gün ir ertir Ukrainanyň paýtagty Kiýewe barandygy nygtaldy.

Habarda, Habekiň saparynyň çäginde 2022-nji ýylyň 24-nji fewralyndan bäri Russiýa bilen söweşýän Ukrainanyň ýaňadandan dikeldilmegi we energetika pudagy boýunça edilýän hyzmatdaşlyk meselerini ara alyp maslahatlaşjakdygy nygtaldy.

Germaniýanyň Senagat federassiýanyň başlygy Russwurm hem Habeke Ukraina guraýan saparynda ýoldaşlyk edýär.

Ukraina ähli taraplaýyn goldaw berýän Germaniýa, soňky gezek Ukraina 18 sany Leopard 2 tankyny beripdi.

Russiýanyň guraýan hüjümleri sebäpli Ukrainanyň energetika pudagyna uly zeper ýetirildi.

Russiýa bilen ýakyn ykdysady gatnaşyklaryndan ýüz öwüren Berlin enegetika taýdan uly kynçylygy başdan geçirýär.

Germaniýa, Russiýa-Ukraina söweşden öň tebigy gazynyň we kömüriň ýarysyndan gowragyny, çig nebitiň bolsa 34 göterimini Russiýadan satyn alýardy. Söweş Germaniýanyň energetika bazarynda deňagramsyzlyklara sebäp boldy.

Germaniýa, energetika krizisinden soň kömür we atom enegeriýa syýasatyny ýaňadandan gün tertibine aldy.

 

 



Degişli Habarlar