Yrakda Täze Saýlaw Kanuny Tassyklandy

Yragyň Mejlisi çedelleşiklere sebäp bolan täze saýlaw kanununy kabul etdi.

1965311
Yrakda Täze Saýlaw Kanuny Tassyklandy

Yragyň Mejlisiniň ýazmaça beýannamasynda geçirilen maslahatda täze saýlaw kanununyň kabul edilendigi habar berildi.

Yragyň hökümetini düzýän şaýy, sünni we kürt partiýalarynyň taýýarlan täze saýlaw kanuny bilen “köptaraply saýlaw zolagy” ulgamyndan “ýapyk sanaw we bir saýlaw zolagy” ulgamyna geçiriler.

Käbir kiçi syýasy partiýalar we garaşsyz halk deputatlary hâkimiýet başyndaky partiýalaryň bähbidine boljakdygy sebäpli kanuna garşylyk görkezipdi.

Syýasatdan çekilen şaýy dini we syýasy lider Muktada as-Sadr we şaýylaryň iň ýokary awtoritary bolan Aýatulla as-Sistaniniň hem saýlaw kanununda ozalky ulgama geçilmegine garşy durýandygy bilinýär.

Yrakda “köptaraply saýlaw zolagy” ulgamy 2021-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda geçirilen saýlawda iş ýüzüne geçirilipdi.

Şol sebäpli esasanda Eýran tarapyndan goldanýan şaýy partiýalarynyň sesi azalypdy.

Yragyň paýtagtynda we günorta şäherlerinde saýlaw kanununa garşy protest aksiýalary geçirilipdi.

 



Degişli Habarlar