Hytaýyň Döwlet baştutany ABŞ-ny günäkärledi

Hytaýyň Döwlet baştutany Si Szinpin, ABŞ-nyň beýleki Günbatar döwletleri bilen Hytaýyň galkynyşyna böwet bolmaga synanyşýandygyny nygtady

1956724
Hytaýyň Döwlet baştutany ABŞ-ny günäkärledi

Şinhua habarlar agentligi tarapyndan berilen habara görä Si Szinpin Hytaýyň Milli Galkynyş kongresiniň 14-nji baş assambleýasynyň çäginde geçirilen maslahatda, ilkinji gezek global ykdysady we geosyýasy bäsdeşlikde gönüden ABŞ-ny günäkärleýän sözler ulandy. 

Hytaýyň ösüşini gyzyklandyrýan daşarky şertleriň tiz depginler bilen üýtgeýändigini, näbelliligiň we öňünden çak edip bolmaýan şertleriň artýandygyny aýdan Si Szinpin: "ABŞ-nyň ýolbaşçylyk etmegindäki Günbatar ýurtlar, Hytaýa garşy köpçülikleýin gabama we basyş syýasatyny amala aşyrýar. Bu galkynyş tagallalaryna ozal görülip-eşidilmedik päsgelçilikler döredýär" diýip belledi. 

Hytaýyň Döwlet baştutany Si Szinpin, ilkinji gezek kynçylyklaryň jogapkäri hökmünde gönüden ABŞ we Günbatar ýurtlardygyny belläp, geljekde howplaryň we kynçylyklaryň artmagyna we ýygylaşmagyna garaşýandyklaryny beýan etdi. 

Si Szinpin kongresde 5-nji martda gatnaşan maslahatda, ýurdunyň tehnologiýa ugrunda özüne ýeterlik derejä gelmeginiň ähmiýetini nygtap: "Artýan halkara bäsdeşligiň öňünde galkynyşda täze ugurlar kesgitlenmeli, täze sepgitlere ýetilmeli, täze güýçler özgertmelidiris. BUlaryň ählisi ahyrynda tehnologiýa daýanýar" diýdi. 


Etiketkalar: #ABŞ , #Si Szinpin , #Hytaý

Degişli Habarlar